Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi. Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn. Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesli ýitip gitmez ýaly, sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi. Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi. Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir.
Выбор основного перевода