Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady. Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin. Meni atamyň öýünden alyp gaýdyp: „Bu ýeri seniň nesliňe berjek“ diýip, wada eden Gögüň Hudaýy Reb Öz perişdesini seniň öňüňden iberer. Şeýdip, sen ol ýerden oglum üçin bir gyz taparsyň. Gyzyl deňizden piliştlileriň deňzine çenli we çölden Ýewfrat derýasyna çenli araçäkleriňizi bellejek. Çünki olaryň ýaşaýjylaryny siziň eliňize berjek. Siz olary kowup çykaryň. Siziň günorta serhediňiz Sin çölünden Edom serhediniň boýuna uzalyp gider. Ol gündogarda Öli deňziň günorta kenaryndan başlanýandyr. Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň. Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Ýewfrat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar. Günortadaky çölden başlap, demirgazykdaky Liwan daglaryna çenli, hetleriň tutuş ülkesi, gündogardaky beýik Ýewfrat derýasyndan günbatardaky Ortaýer deňzine çenli ýerler siziňki bolar. Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň. Şol gün Reb Ýewfrat derýasyndan Müsür derýasyna çenli sizi harman döwegi deý ýenjer, ysraýyllary ýeke-ýekeden toplar.
Выбор основного перевода