Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys. Sen maňa perzent bermänsoň, hojalygymdaky gulum maňa mirasdar bolar» diýdi. Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir. Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen, siziň teniňiz Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer. Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler. Gullardyr gyrnaklar satyn aldym; öz öýümde doglan gullarym bardy, süri-süri mal-garam bardy. Olar menden öň Iýerusalimde bolanlaryňkydan köpdi.
Выбор основного перевода