Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýurdy gözden geçirmek üçin, Musanyň iberen adamlary şulardyr. Musa Nunuň ogly Hoşeýa Ýeşuwa adyny berdi. Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň. Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk? Olaryň ýaşaýan ýeri gowumy ýa-da erbet? Olar galalarda ýaşaýarmy ýa-da açyk meýdanda? Mes topraklymy ýa arryk, agaçlymy, agaçsyz? Batyrgaý hereket ediň we ol ýurduň miwelerinden getiriň». Ol wagtlar üzümleriň ýetişýän möwsümidi. Şeýdip, olar ýola düşdüler we Sin çölünden tä Lebohamadyň golaýyndaky Rehop galasyna çenli bolan ýerleri gözden geçirdiler. Olar Negebe çykdylar we Hebrona geldiler. Ol ýerde Ahyman, Şeşaý we Talmaý uruglary hem ýaşapdy. Olar Anagyň nesilleridi. (Hebron Müsürdäki Zogan galasyndan ýedi ýyl öň gurlupdy.) Olar Eşkol deresine baranlarynda ol ýerden bir salkym üzümi şahasy bilen bile kesip aldylar we ony iki adam bolup taýakdan asyp göterdiler. Olar az-owlak nar bilen injir hem aldylar.
Выбор основного перевода