Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Iman arkaly ol Hudaýyň wada beren ýurdunda gelmişek bolup ornaşdy. Yshak bilen Ýakup hem Ybraýym ýaly bu ýat ýurtda çadyrda ýaşadylar, sebäbi olaram Hudaýyň beren şu wadasynyň mirasdarlarydy. Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr. Ýerubagal (ýagny Gidegon) hem-de onuň ýanyndaky adamlar daňdan Harot çeşmesiniň başynda düşlediler. Midýanlaryň düşelgesi olardan demirgazykda, More depesiniň ýanyndaky jülgededi. Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar. Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.
Выбор основного перевода