Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular. Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler. «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar. Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza gurbanlyk bereli“ diýşip gygyryşýarlar. Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar». Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl. Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir“» diýdiler. Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar. Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini berk talap edýärdiler. Faraonyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar. Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri faraonyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň? Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, „Kerpiç guýuň!“ diýip buýruk berýärler. Ine, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler. Emma faraon: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe gurbanlyk bereli“ diýýärsiňiz. Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki mukdarda öndürersiňiz» diýdi. Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler. Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.
Выбор основного перевода