Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger olar parahatçylygy kabul edip, size boýun bolsalar, onda ol ýerdäki ähli halk size mejbury hyzmat etsin. Eger olar parahatçylykdan ýüz öwrüp, size garşy uruş yglan etseler, siz ol galanyň daşyny gabaň. Hudaýyňyz Reb ony siziň eliňize berende, siz olaryň ähli erkeklerini gylyçdan geçiriň. Aýallaryny, çagalaryny, mal-garalaryny, galada bar bolan ähli zady özüňize olja edip alyň. Hudaýyňyz Rebbiň duşmanyňyzdan alyp beren oljasyny hözirini görüň. Bu ýerdäki halklara degişli bolmadyk, sizden has uzakda ýerleşýän galalaryň hem hemmesini şeýle ediň. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip berjek bu halklaryň galalarynda bolsa ýekeje-de janly-jandar diri galmaly däldir. Eger duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa suw ber. Gaýtam Mukaddes Ýazgylarda ýazylanlary berjaý ediň: «Duşmanyň aç bolsa, oňa nan ber, suwsan bolsa, suw ber. Şonda onuň başyna köz goýarsyň».
Выбор основного перевода