Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýowaş ruhanylara şeýle diýdi: «Siz mukaddes sadaka hökmünde Rebbiň öýüne bagyş edilen kümşüň, ilat sanawynda toplanan kümşüň, her kimiň öz başyna düşen kesgitli möçberdäki beren kümşüniň we her adamyň Rebbiň öýüne meýletinlik bilen beren kümşüniň baryny ýygnaň. Onsoň Ýehoýada ruhany bir sandygy alyp, onuň gapagyndan bir deşik açdy-da, ony gurbanlyk sypasynyň ýanynda, Rebbiň öýüne girilýän ýeriň sag tarapynda goýdy. Gapyny garawullaýan ruhanylar Rebbiň öýüne getirilýän bar kümüşleri şol sandygyň içine salardylar. Sandykda köp kümşüň toplanandygyny görenlerinde, patyşanyň kätibi bilen baş ruhany gelip, Rebbiň öýündäki bar kümşi sanap, torbalara salyp çekerdiler.
Выбор основного перевода