Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nagomy oňa ýüzlenip: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi. Emma Rut: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň – meniň halkym, seniň Hudaýyň meniň Hudaýym bolar. Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal. Elýaşa Ylýas pygamberiň ýanyndan gaýdyp, bir jübüt öküziň boýuntyryklaryny aýryp, olaryň damagyny çaldy. Azalyň agaçlaryny ýakyp, öküzleriň etlerini bişirip, halka paýlady, halk ony iýdi. Ondan soň Elýaşa gidip, Ylýas pygamberiň yzyna eýerip, onuň şägirdi boldy. Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.
Выбор основного перевода