Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda patyşasy Uzyýanyň şalygynyň elli ikinji ýylynda Remalýanyň ogly Peka Ysraýyla patyşa bolup, Samariýada ýigrimi ýyl şalyk sürdi. Şol wagt Siriýa patyşasy Resin bilen Ysraýyl patyşasy Remalýanyň ogly Peka Iýerusalimiň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabadylar. Emma şonda-da ony ýeňip bilmediler. Resin Siriýanyň patyşasydy; Remalýanyň ogly Peka Ysraýylyň patyşasydy. Olar Iýerusalime garşy uruş etmäge çykdylar, ýöne oňa garşy söweş edip bilmediler. Şol döwürde Uzyýanyň agtygy, Ýotamyň ogly Ahaz Ýahudanyň patyşasydy.
Выбор основного перевода