Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Hizkiýa iň kiçi obadan tä uly gala çenli bolan ýerlerde ýaşaýan piliştlileriň baryny, şeýle hem Gazany we onuň çägindäkileri ýeňlişe sezewar etdi. Hizkiýanyň şalygynyň dördünji ýylynda, Elanyň ogly Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň ýedinji ýylynda Aşur patyşasy Şalmaneser Samariýanyň üstüne hüjüm edip, onuň daşyny gabady. Üçünji ýylda Şalmaneser Samariýany basyp aldy. Bu Hizkiýanyň patyşalygynyň altynjy we Ysraýyl patyşasy Hoşeýanyň şalygynyň dokuzynjy ýylynda bolup geçdi. Aşur patyşasy ysraýyllary Aşura ýesir edip äkitdi we olary Halada, Gozandaky Habor derýasynyň ýakasynda we Madaý galalarynda ýerleşdirdi. Ysraýyllar Hudaýy Rebbiň sözüne gulak asmandyklary üçin hem-de Onuň ähtinden, Rebbiň guly Musa beren tabşyryklaryndan ýüz öwrendikleri üçin şeýle ýagdaýa düşdüler.
Выбор основного перевода