Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gilgatda ýaşaýan tişbeli Ylýas Ahaba şeýle diýdi: «Men özümiň gulluk edýän Ysraýyl Hudaýy Rebden ant içýärin. Tä men buýruk berýänçäm, ýurtda iki-üç ýyllap ne çyg bolar, ne-de ýagyn». Onuň ýanyndaky emeldarlar şulardy: Sadogyň ogly Azarýa ruhanydy, Şişanyň ogullary Elihorep bilen Ahyýa kätiplerdi, Ahyludyň ogly Ýehoşapat baş emeldardy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy. Natanyň ogly Azarýa häkimleriň üstünden garaýardy; Natanyň ogly Zabut bolsa hem ruhany, hem patyşanyň ýaranydy. Ahyşar köşgüň baştutandy; Abdanyň ogly Adonyram bolsa mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy. Bütin Ysraýylda Süleýmanyň on iki sany häkimi bardy. Olaryň hersi patyşany we onuň öý-içerisini, gezekli-gezegine, ýylda bir aý azyk bilen üpjün etmelidi.
Выбор основного перевода