Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi. Patyşa turdy-da, derwezäniň agzyna baryp oturdy. Muny tutuş goşuna habar berdiler. Ähli goşun patyşanyň huzuryna geldi. Şol wagt ysraýyllaryň ählisi öz öýlerine gaçyp gitdiler. Ýizregelde diňiň üstünde duran bir garawul bardy. Ol garawul Ýehuwyň ýakynlaşyp gelýän goşunyny görüp: «Men bize tarap gelýän bir topar esgeri görýärin» diýdi. Ýoram patyşa hem: «Bir atlyny olaryň öňünden iber. Ol baryp olardan: „Eýgilikmidir?“ diýip sorasyn» diýip buýruk berdi.
Выбор основного перевода