Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Timoteosa haty
1 2 3 4
Параллельные места
Dogrulygyň miwesi rahatlyk, netijesi asudalyk, ebedi howpsuzlykdyr. Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar. Hojaýyny oňa: „Berekella, ýagşy hem sadyk hyzmatkär! Sen kiçijik işde sadyk bolanyň üçin, indi beýik işleri saňa ynanaryn. Gel, hojaýynyň şatlygyna şärik bol!“ diýýär. Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. Hut şu sebäbe görä görgi baryny görýän bolsam-da, mundan asla utanmaýaryn, sebäbi Kime iman edenimi bilýärin. Onuň maňa tabşyran zadyny kyýamat gününe çenli saklamagy başarjakdygyna berk ynanýaryn. Goý, Reb kyýamat güni oňa Öz rehimdarlygyny görkezsin! Onuň Efesde maňa nähili ýardam berendigini özüň-de bilýänsiň. Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys. Biz siziň her biriňiziň umydyňyzyň amala aşmagynyň iň soňky pursadyna çenli hyzmatda gaýratlylyk görkezmegiňizi dileýäris. Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr. Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi. Şeýle etseňiz, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini alarsyňyz. Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesihiň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr. Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.
2 Timoteosa haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода