Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Isa olara: «Şonuň üçin hem Gögüň Şalygy hakynda taglymat alan her bir Töwrat mugallymy hazynasyndan täze we köne zatlar çykarýan öý eýesine meňzeýändir» diýdi. Reb Isa şeýle jogap berdi: «Hojaýynyň sadyk hem akylly iş dolandyryjysy kim? Beýleki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar bermek üçin, olaryň üstünden goýan adamy dälmi? Eý, oglum, sen bulary doganlara öwretseň, öz eýeren imanyň baradaky hakykat taglymatynyň sözleri bilen ýetişdirilersiň. Şeýdip, Isa Mesihiň oňat hyzmatçysy bolarsyň. Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret, sözleriň müýnsüz we şübhesiz bolsun. Şonda bize garşy çykýanlar ýamanlamaga gep tapman, utanja galarlar. Synaga çydaýan adam bagtlydyr, sebäbi ol synagdan geçenden soň, ýaşaýyş täjini alar. Hudaý bu ýaşaýyş täjini Ony söýenlere wada berdi.
Выбор основного перевода