Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Timoteosa haty
1 2 3 4
Параллельные места
Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň. Hawa, siz günäniň guludyňyz, ýöne Hudaýa şükür, kabul eden taglymatyňyza ýürekden tabyn bolduňyz, Rebbimiz Isa Mesihiň çäksiz merhemeti, söýgüsi we Onuň beren imany üstüme boldan-bol ýagdy. Eger kimde-kim meniň öwredenlerimden özgesini öwretse, Rebbimiz Isa Mesihiň sagdyn taglymatyny ýalan saýyp, Hudaýyň ýörelgesine laýyk bolan taglymaty oňlamaýan bolsa, Ol özüne öwredilen ygtybarly taglymata sadyklyk bilen eýermelidir. Başgalara hem bu taglymata laýyklykda öwüt-ündew berip, oňa garşy çykýanlaryň ýalňyşýandyklaryny subut etmeli. Sen bolsa sagdyn taglymata laýyk gelýän zatlary öwret. Goý, siziň ilkibaşdan eşiden sözüňiz kalbyňyzda ornasyn. Şonda siz Ogul bilenem, Ata bilenem ýaşarsyňyz.
2 Timoteosa haty
1 2 3 4
Выбор основного перевода