Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Siziň araňyzdaky azgynçylyk barada gürrüň ýaýrady. Bular ýaly azgynlygy hatda butparazlar-da edýän däldir! Siziň biriňiz öz öweý enesi bilen ýatyp-turýarmyşyn. Siz bolsa öz-özüňize buýsanýarsyňyz! Eýsem siz muňa derek ýas tutup, şeýle iş edýäni araňyzdan aýyrmaly dälmi? Şoňa görä-de, baranymda meni şatlandyrmaly adamlar göwnümi gamlandyrmasyn diýip, şol haty ýazdym. Meniň şatlygyma siziň-de şatlanjakdygyňyza berk ynanýaryn. Meni gamlandyran adam diňe meni däl-de, ulaltmaýyn welin, belli bir derejede hemmäňizi gamlandyrandyr. Şoňa görä-de, men şol haty sizi synamak we her bir zatda tabyn bolup-bolmaýanlygyňyzy bilmek üçin ýazdym.
Выбор основного перевода