Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Hudaýyňyz Reb olary siziň eliňize berende, siz olary dargadyp, bütinleý ýok edip taşlamalysyňyz. Olar bilen äht baglaşmaň we olara rehimdarlyk etmäň. Olar bilen garyndaşlyk açmaň. Olar bilen gyz alşyp-berişmäň. Men size azgyn adamlar bilen gatnaşmaň diýip öň ýazypdym. Ýöne men şeýle ýazanymda bu dünýäniň adamlaryny: azgynlary ýa-da betnebisleri, kezzaplary ýa-da butparazlary göz öňüne tutmandym. Beýle bolsa, siz bu dünýäni bireýýäm terk etmeli bolardyňyz. Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň. Biz Onuň bilen ýakyn gatnaşykda ýaşaýandygymyzy aýdyp-da, tümlükde gezýän bolsak, onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris.
Выбор основного перевода