Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Ölüme höküm edilen adamy iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen öldüriň. Diňe bir şaýadyň güwäsi bilen öldürmäň. Jenaýat ýa-da günä eden adamyň günäsini boýnuna goýmak üçin, oňa bir adamyň şaýatlygy ýeterlik däldir. Ol iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. Emma gulak asmasa, bir ýa iki adamy ýanyňa alyp bar, aýdylan her bir söz iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen tassyklansyn. Men höküm çykaraýsam-da, hökümim hakdyr, çünki Men ýeke däl-de, Özümi iberen Ata bilendirin. Ine, ýanyňyza gitmek üçin üçünji gezek ýol şaýymy tutýaryn. Men size agram salmaryn, sebäbi men zadyňyza däl-de, didaryňyza zardyryn. Galyberse-de, çagalar ene-atalary üçin däl-de, ene-ata çagalary üçin emläk toplamalydyr. Iki ýa üç şaýat bolmasa, ýygnagyň ýolbaşçysy hakdaky aýyplamany kabul etme. Musanyň kanunyny ret eden adam iki ýa-da üç şaýadyň güwäsi bilen rehimsiz öldürilýärdi.
2 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Выбор основного перевода