Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy. Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi. Demetreý ussalary we şunuň ýaly iş bilen meşgullanýanlary üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň şu hünär arkaly oňat gazanç edýändigimizi özüňiz bilýänsiňiz. Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz. Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal». Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip gygyrmaga başladylar. Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar. Pawlus halkyň arasyna girmekçi bolanda, şägirtler ony goýbermediler. Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer. Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»
2 Korintoslylara haty
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Выбор основного перевода