Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň ikinji haty
1
Параллельные места
Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr. Ekýäniň-de, suwarýanyň-da maksady birdir. Olaryň hersi öz çeken zähmetine görä sylaglanar. Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz. Men siz babatda uly alada galýaryn. Eýsem meniň zähmetim biderek bolaýarmyka? Öňki günleriňizi ýadyňyza salyň. Şonda siz Hudaýdan nurlanyp, jebir-‑jepalara döz gelipdiňiz. Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin. Emma size, ýagny Tiýatiradaky Izabeliň bu taglymatyna eýermedikleriň we ‘şeýtanyň syrlary’ diýilýänleri bilmeýänleriň baryna şuny aýdýaryn: eger imanyňyzy Men gelýänçäm saklasaňyz, siziň üstüňize başga zat ýüklemerin. Men basym bararyn. Täjiňi hiç kim almaz ýaly, imanda berk dur.
Ýahýanyň ikinji haty
1
Выбор основного перевода