Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
2 Selaniklilere haty
1 2 3
Параллельные места
Biz sizi doga-dileglerimizde ýatlap, elmydama ähliňiz üçin Hudaýa şükürler edýäris, sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys. Eý, Reb tarapdan söýülýän doganlar! Siz halas bolup bileriňiz ýaly, Hudaý sizi ilkinjiler hökmünde saýlady. Siz Mukaddes Ruh arkaly päklenip, hakykata bolan imanyňyz arkaly halas bolduňyz. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris.
2 Selaniklilere haty
1 2 3
Выбор основного перевода