Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn. Sebäbi Hudaýyň sözi we doga-dileg arkaly kabul edilen iýmit Hudaýyň nazarynda halaldyr. Çünki biz hemme adamlaryň, ylaýta-da imanlylaryň Halasgäri bolan diri Hudaýa bil baglamak bilen, şol wadanyň hatyrasyna zähmet çekip, yhlas edýäris. Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler. Hudaýyň Hoş Habaryna dil ýetirilmez ýaly, goý, bu garry aýallar gelinlere öz ärlerini, çagalaryny söýmegi, özlerine erk etmegi, päk ahlakly, öýleri babatda yhlasly, mylaýym we ärlerine tabyn bolmagy öwretsinler.
Выбор основного перевода