Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Параллельные места
Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi. Isa muny eşidende, olara: «Lukman saglara däl-de, hassalara gerekdir. Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi. Men dogrulary däl-de, günäkärleri toba çagyrmaga geldim» diýip jogap berdi. Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. Hudaý dünýäni örän söýendigi sebäpli Özüniň ýeke-täk Ogluny berdi. Ol muny Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, baky ýaşaýşa gowuşmagy üçin etdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. Bu wada ygtybarlydyr, her jähtden kabul ederlikdir. Hudaý bizi eden işlerimize görä däl-de, Öz maksadyna we merhemetine görä halas edip, Onuň mukaddes halky bolmaga çagyrdy. Bu merhemet dünýä ýaradylmazdan öň Isa Mesih arkaly berlip, Ine, şu sözler örän dogry aýdylan sözlerdir: Onuň bilen bile biz ölen bolsak, Onuň bilen bile ýaşajakdyrys. Bu sözleriň bary hakykatdyr. Hudaýa iman edenleriň ýagşylyk etmekde ilerlemekleri üçin, bu zatlary nygtamagyňy isleýärin. Bu zatlar ynsanlar üçin oňat we peýdalydyr.
1 Timoteosa haty
1 2 3 4 5 6
Выбор основного перевода