Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Petrus muňa akyl ýetirenden soň, Ýohannanyň ejesi Merýemiň öýüne gitdi. Ýohanna Mark hem diýýärdiler. Ol ýerde köp adam üýşüp, Hudaýa doga edýärdi. Petrus howlynyň gapysyny kakanda, gapyny Roda atly bir hyzmatkär gyz açmaga geldi. Ol Petrusyň sesini tanap, gapyny açmaga derek begenjinden ýaňa içeri ylgap, howlynyň gapysynda Petrusyň durandygyny habar berdi. Olar oňa: «Sen akylyňdan azaşypsyň» diýdiler. Emma gyz öz diýenini tutup duransoň, olar: «Bu Petrusyň perişdesidir» öýtdüler. Petrus bolsa yzyny üzmän gapyny kakýardy. Gapyny açanlarynda, ony görüp haýran galdylar. Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi. Gün doganda, esgerleriň arasynda uly galmagal turdy. Olar biri-birinden: «Petrusa näme bolduka?» diýşip soraýardylar. Hirod Petrusy agtardy. Emma ony tapmansoň, garawullary soraga çekip, olary öldürmegi buýurdy. Şondan soň Hirod Ýahudyýadan Kaýsariýa gidip, şol ýerde galdy. Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy. Ine, bellenen gün Hirod patyşalyk lybasyny geýip, tagtynda oturdy we halka ýüzlenip, söz sözledi. Halk hem: «Bu ynsan sesi däl-de, bir hudaýyň sesidir!» diýip gygyryşdy. Şobada Rebbiň bir perişdesi Hirodesi jezalandyrdy, sebäbi ol Hudaýy şöhratlandyrmandy. Şeýdip, onuň endam-jany gurtlap öldi. Hudaýyň Hoş Habary bolsa barha ýaýbaňlanyp, imanlylaryň sany günsaýyn artýardy. Barnap bilen Şawul hem özlerine tabşyrylan hyzmaty ýerine ýetirip, Iýerusalimden yzyna dolandylar. Olar özleri bilen bile Marky hem alyp gaýtdylar. Markyň beýleki ady Ýohannady. Ýanymda diňe Luka galdy. Gaýdanyňda Marky hem alyp gaýt, sebäbi hyzmatymy bitirmekde maňa kömegi deger. Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
Petrusyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода