Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar. Siz imandaky doganyňyz bilen dawalaşanyňyzda, näme üçin onuň meselesine kazyýetde imansyzlaryň öňünde garaýarsyňyz?! Eýsem siz muny Hudaýyň halkynyň öňünde çözmeli dälmi? Siz Hudaýyň halkynyň bu dünýä kazylyk etjekdigini bilmeýärsiňizmi? Eger siz dünýä kazylyk etjek bolsaňyz, heý-de ownuk-uşak dawalary çözüp bilmersiňizmi? Eýsem siz biziň hatda perişdelere-de kazylyk etjekdigimizi bilmeýärsiňizmi? Gündelik durmuşyň işleri barada gürrüň-de ýok! Şeýle dawalaryňyz bar bolsa, näme üçin olary ýygnaga degişli bolmadyklaryň kazylygyna tabşyrýarsyňyz? Mesihi däller bilenem wagtyňyzy peýdaly geçiriň, pursady elden bermäň.
Выбор основного перевода