1 Korintoslylara haty 11:1
Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
Eý, doganlar! Meniň göreldäme eýerýänlere goşulyň. Biziň göreldämize görä ýaşaýanlara üns berip, olardan öwreniň.
Siz agyr muşakgatlar çekseňiz-de, Mukaddes Ruhuň beren şatlygy bilen Hoş Habary kabul edip, biziň we Rebbiň göreldesine eýerdiňiz.
Biziň sizden ýardam almaga hakymyz bolsa-da, ony talap etmedik. Sebäbi göreldämize eýerip bileriňiz ýaly, muny size nusga bolmak üçin etdik.