Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16
Параллельные места
Bedenimizi mysal hökmünde alalyň: ol bir bolsa-da, agzalary köpdür, hersiniň-de öz hyzmaty bardyr. Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys. Bize berlen merhemete görä, her birimiziň dürli ruhy peşgeşlerimiz bardyr. Şonuň üçin-de, kim pygamberlik peşgeşini alan bolsa, goý, özüne berlen imana görä pygamberlik etsin. Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin. Siz bir Bedene, bir Ruha şärik bolýarsyňyz; Hudaý hemmäňizi bir umyda çagyrandyr. Mesih biziň her birimize sahylyk bilen peşgeşler eçildi. Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.
Выбор основного перевода