Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5
Параллельные места
Töwratda iki adamyň şaýatlygy hak diýlip ýazylgydyr. Bu bikanun adam Hudaýyň bellän wagtynda peýda bolar. Bikanunlyk eýýäm assyrynlyk bilen hereket etse-de, bikanun adamyň peýda bolmagy bökdelýär. Munuň sebäbini özüňiz bilýänsiňiz. Hawa, bikanun adamy bökdeýän biri bardyr. Ol aradan aýrylansoň, Eý, balalar, bu dünýäniň ahyrky günleri ýetip gelendir. Siz Mesihiň duşmanynyň geljekdigini eşidensiňiz. Hut şu wagt hem Mesihe garşy çykýanlaryň ençemesi peýda boldy. Ine, bu wakalardan biz dünýäniň ahyrky günleriniň ýetip gelendigini bilýäris. Onda ýalançy kim? Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançydyr. Ol Mesihiň duşmanydyr! Ol Atany-da, Ogly-da inkär edýär. Ençeme ýalançylar dünýä ýaýrady. Olar Isa Mesihiň ynsan bolup gelendigini inkär edýärler. Beýle adamlar ýalançydyr, Mesihiň duşmanydyr.
Выбор основного перевода