Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Owal-başda Söz bardy, Söz Hudaý bilendi, Söz Hudaýyň Özüdi. Owal-başda Ol Hudaý bilendi. Söz ýaşaýyş çeşmesidir, bu ýaşaýyş ynsanlaryň Nury boldy. Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük. Hakykatdan hem, Meniň sözlerimi diňläp, Meni Iberene iman eden adam baky ýaşaýşa eýe bolýandyr, ol höküm edilmez. Ol ölümden ýaşaýşa geçendir. Onsoň Isa Tomasyň ýanyna baryp, oňa: «Barmagyňy bu ýere degir, ellerime seret! Eliňi uzat-da, böwrüme degir. Şübhelenmäňi bes et, imanly bol» diýdi. Biz-ä görüp-eşidenlerimizi aýtman durup bilmeris» diýip jogap berdiler. Size Rebbimiz Isa Mesihiň gudrat bilen gelşi hakda habar berenimizde, biz toslama ertekilere eýermedik. Biz Onuň şan-şöhratyny öz gözümiz bilen gördük. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz şeýtany ýeňdiňiz. Eý, balalar, size ýazýaryn: siz Atamyz Hudaýy tanaýarsyňyz. Eý, atalar, size ýazýaryn: siz owal-başdan aýan bolan Isany tanaýarsyňyz. Eý, ýigitler, size ýazýaryn: siz güýçlüsiňiz, Hudaýyň sözi kalbyňyza ornandyr. Siz şeýtany ýeňdiňiz.
Ýahýanyň birinji haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода