Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Параллельные места
Olardan käbiri Pawlus bilen Silasa ynanyp, olara goşuldylar. Şeýle hem Rebbe sežde edýän köp sanly grekler we ýokary mertebeli ençeme aýallar olara goşuldylar. Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir. sebäbi biz siziň Isa Mesihe bolan imanyňyz we Hudaýyň ähli halkyna görkezen söýgiňiz hakynda eşitdik. Bu imanyňyz we söýgiňiz umydyňyzdan, hawa, gökde size garaşýan zatlara baglaýan umydyňyzdan döreýär. Siz özüňize gelip gowşan hakykat sözi bolan Hoş Habarda bu umyt barada öň eşidensiňiz. Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi. Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir. Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn. Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin. Hudaý adalatlydyr. Ol siziň bitiren işiňizi, Onuň halkyna eden we edýän hyzmatyňyz bilen Özüne bolan mähir-muhabbetiňizi unutmaz. Iman babatda hem şeýledir, eger iş ýüzünde görkezilmese, ol öz-özünden ölüdir.
1 Selaniklilere haty
1 2 3 4 5
Выбор основного перевода